HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Noýabr 10, 2023 | 23:25 |6203
Anna güni 10-njy noýabrda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, “Hidaýat” zorlukly ekstremizme garşy göreşmek boýunça Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.Anna güni 10-njy noýabrda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, “Hidaýat” zorlukly ekstremizme garşy göreşmek boýunça Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Anna güni 10-njy noýabrda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, “Hidaýat” zorlukly ekstremizme garşy göreşmek boýunça Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň meýilnamalaryny seljerdiler. Ministriň orunbasary iki ýurduň arasyndaky ýokary we iň ýokary derejedäki syýasy dialogyň Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çalt ösmegine goşant goşýandygyny aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurlygy barada netijä geldiler we bu meselede iki ýurduň arasyndaky döredilen Parlamentara dostluk toparynyň möhüm ornuny bellediler.

Şeýle hem, söhbetdeşlik wagtynda taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň progressiw ösüşine, energetika, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegine ünsi çekdiler. Şeýle hem, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine üns çekilip, şu ýylyň dekabrynda Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi arzuw edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026