HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň “Jingdong” kompaniýasy “Türkmentel-2023” atly forumyna gatnaşýar

Noýabr 10, 2023 | 17:24 |6346
Hytaýyň esasan elektron söwda ugruna ýöriteleşen “Jingdong” jemgyýetçilik kompaniýasy (JD.com ady bilen hem belli), Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýar.Hytaýyň esasan elektron söwda ugruna ýöriteleşen “Jingdong” jemgyýetçilik kompaniýasy (JD.com ady bilen hem belli), Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýar.
Çeşme: "Türkmenaragatnaşyk" agentligi

Hytaýyň esasan elektron söwda ugruna ýöriteleşen “Jingdong” jemgyýetçilik kompaniýasy (JD.com ady bilen hem belli), Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýar.

“JD.com Hytaýda iň iri onlaýn satyjylaryň biri bolup, ol gazanýan girdejisi boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň “Fortune Global 500” sanawyna girýär. 2014-nji ýylyň maý aýynda “JD.com” kompaniýasy “NASDAQ” gazna biržasynda ýylyň iň iri üpjün edijisi hökmünde bellige alyndy.

Bu kompaniýa 1998-nji ýylyň iýun aýynda Pekiniň Çžunguansun etrabynda Lýu Sýandun tarapyndan esaslandyryldy. 2006-njy ýylda kompaniýa Şanhaýda, şondan laýyk bir ýyldan soň bolsa, Guançžou şäherinde şahamçalaryny açdy.

“Jingdong” kompaniýalar topary özüne degişli kärhanalaryň üsti bilen elektron söwda, logistika, bulut tehnologiýasy, uly maglumatlary gaýtadan işlemek, blokçeýn ýaly pudaklarda iş alyp barýar.

Şeýlelikde, “Jingdong” kompaniýalar topary öňdebaryjy sanly tehnologiýa düzümi bolmak bilen, maliýe guramalary, kärhanalar, döwlet edaralary we beýleki müşderiler üçin sanly çözgütleri hödürleýär. Tehnologiýa + Senagat + Ekosistema zynjyry boýunça hyzmatlaryň giden toplumyny hödürleýän kompaniýa, aragatnaşyk senagatynda sanly birikdiriş modelini (TIE) döretmegi maksat edinýär.

“Türkmentel-2023” forumynyň çäginde “Jingdong” kompaniýasynyň wekilleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, Türkmenistan bilen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýlary pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026
Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

00:01 Sentýabr 11, 2026