HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID YDA Taslamasy tejribelige çagyrýar

Noýabr 10, 2023 | 16:21 |7417
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.
Çeşme: wakant.com.tm

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.

“Wakant” – web-saýty we ykjam telefonlar üçin programmany öz içine alýan doly derejede işleýän onlaýn-platforma. Onuň kömegi bilen iş gözleýänler aňsatlyk bilen özlerine laýyk gelýän boş iş orunlaryny tapyp we olara ýüz tutup bilerler. Iş berijiler üçin bolsa bu platforma Türkmenistanyň öňdebaryjy kadrlar agentlikleriniň professional hyzmatlary bilen peýdalanmaga mümkinçilikler döredýär.

“Wakant” onlaýn-platformasy USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan işläp düzüldi.

“Wakant” onlaýn-platformasynyň web-saýty: http://wakant.com.tm/

“Wakant” onlaýn-platformasynyň ykjam telefonlar üçin programmasy:

Google Play: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.my.wakant

App Store: https://apps.apple.com/tm/app/wakant/id6446488724

Stažýorlar özleriniň isleglerine görä düzülen tertibi boýunça doly däl iş güni işlärler.

Stažýorlar gymmatly hünär tejribesini gazanarlar, okuw geçerler we USAID YDA Taslamasynyň çärelerine gatnaşarlar. Tejribelik tamamlandan soň şahadatnamalar we häsiýetnamalar beriler.

Dalaşgärler seçip alnyşy bäsleşik esasynda geçiriler.

Dalaşgärlere bildirlýän talaplar:

•18-25 ýaş aralykda bolmaly;

•Kompýuter başarnyklary bolmaly;

•Türkmen we rus dillerinde gowy ýazyp we gürläp bilmeli;

•Toparlarda işlemäge ukyply bolmaly;

•Jogapkärli we takyk bolmaly.

Isleg bildirýänler şu linkde onlaýn-anketany 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdmdOGFJgy-B6vzHn_0s666xycjsa1GiPDJE2fiHAK4b816AA/viewform

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026