HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Pariždäki Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýar

Noýabr 08, 2023 | 11:15 |6609
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň wekiliýeti, Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda, 7-nji noýabrda, ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna bardy. YHÖG-niň bu bölüminiň ýolbaşçysy Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen söhbetdeşliginde Türkmenistanyň indiki aýda, 12-14-nji dekabr aralygynda Parižde geçiriljek YHÖG-niň Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýandygyny, we bu çäre barada umumy düşünjeleri belledi.Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň wekiliýeti, Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda, 7-nji noýabrda, ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna bardy. YHÖG-niň bu bölüminiň ýolbaşçysy Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen söhbetdeşliginde Türkmenistanyň indiki aýda, 12-14-nji dekabr aralygynda Parižde geçiriljek YHÖG-niň Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýandygyny, we bu çäre barada umumy düşünjeleri belledi.
Çeşme: cci.gov.tm

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň wekiliýeti, Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda, 7-nji noýabrda, ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna bardy. YHÖG-niň bu bölüminiň ýolbaşçysy Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen söhbetdeşliginde Türkmenistanyň indiki aýda, 12-14-nji dekabr aralygynda Parižde geçiriljek YHÖG-niň Ýewraziýa hepdeligine gatnaşmagyna garaşylýandygyny, we bu çäre barada umumy düşünjeleri belledi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen YHÖG-niň arasynda peýdaly özara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada öz pikirlerini aýtdylar, iş gurşawyny gowulandyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, sanly ulgamy kämilleşdirmek we ýurduň bu gurama goşulmagy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň temalarynyň biri hem Türkmenistanyň Transhazar halkara ulag geçelgesiniň ösüşine gatnaşmagy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

YHÖG halkara söwdasyny ösdürmek we ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin 1961-nji ýylda döredilen halkara guramadyr. YHÖG ösen we käbir ösýän ýurtlary birleşdirýär. Olaryň umumy sany 38-e deňdir. YHÖG-niň Baş edarasy Parižde ýerleşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026