HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy

Noýabr 10, 2023 | 14:39 |9130
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara
gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulýandygy baradaky
güwänama eýe boldy. Degişli resminamany gowşurmak dabarasy Awstriýa
Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň
binasynda geçirildi.Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara
gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulýandygy baradaky
güwänama eýe boldy. Degişli resminamany gowşurmak dabarasy Awstriýa
Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň
binasynda geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulýandygy baradaky güwänama eýe boldy. Degişli resminamany gowşurmak dabarasy Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda geçirildi.

Wena şäherinde Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar, şeýle hem bu babatda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýa halkara gurama hökmünde döredilip, öz işine 2010-njy ýylda başlady. Bu akademiýanyň BMG-niň Baş Asambleýasynyň işine gatnaşmak üçin synçy derejesi hem bar. Akademiýa Birleşen Milletler Guramasy we onuň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek müdiriýeti, Interpol ýaly düzümleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy bilen utgaşykly işleri alyp barýar.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyna gatnaşyjylaryň Assambleýasy, Dolandyryjylaryň geňeşi, Halkara ýokary konsultatiw geňeşi we Halkara ýokary akademiki geňeşi Akademiýanyň esasy düzüm birlikleri bolup durýar. Ady agzalan Assambleýanyň mejlisi azyndan ýylda bir gezek geçirilýär. Häzirki wagtda onuň jemi 11 mejlisi geçirilip, nobatdaky 12-nji mejlisi 9-njy noýabrda geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026