HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Samsung” dörediji täze emeli intellektini tanyşdyrdy

Noýabr 10, 2023 | 17:09 |7572
Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde her ýyl geçirilýän “Samsung AI Forum” çäresiniň çäklerinde “Samsung Gauss” atly döredijilik emeli intellekt modelini tanyşdyrdy.Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde her ýyl geçirilýän “Samsung AI Forum” çäresiniň çäklerinde “Samsung Gauss” atly döredijilik emeli intellekt modelini tanyşdyrdy.
Çeşme: habr.com

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde her ýyl geçirilýän “Samsung AI Forum” çäresiniň çäklerinde “Samsung Gauss” atly döredijilik emeli intellekt modelini tanyşdyrdy.

“Samsung Gauss Language” – bu elektron poçta ýazyp, resminamalary dolandyryp we mazmuny terjime edip bilýän döredijilik dil modelidir. Şeýle hem, ol “Google Home” ýa-da “Amazon Alexa” ýaly düzümleri has “akylly” dolandyryp bilýär.

Ol “Gauss Language” dilinden, “Gauss Code” kodlaryndan we “Gauss Image” atly hyzmatlary özünde jemläp, bu bölümleriň heri biri berlen gönükmäni takyk ýerine ýetirmäge ýöriteleşendir.

“Samsung Gauss Code” ulgamy “code.i” atly kömekçi kodlaşdyrma hyzmatyny ulanyp, programmistlere kodlary çalt we aňsatlyk bilen ýazmaga, synag nusgalaryny döretmäge we başga-da birnäçe kodly işlerine ýerine ýetirmegä ýardam edýär.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi özüniň täze dörediji emeli intellektini meşhur matematik Karl Fridrih Gaussyň adyny dakdy. Ol maşyn okadylyşynda ulanylýan Kadaly ýaýratmak kanunyny döredipdir. Bu adyň üsti bilen kompaniýa emeli intellekti ulanmak arkaly adamlaryň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak isleýändigini nygtamak isleýär.

“Gauss” algoritmi “Samsung Research-iň” gözleg bölüminiň inženerleri tarapyndan işlenilip düzüldi. Häzirki wagtda bu algoritm kompaniýanyň içinde işgärleriň iş öndürijiligini ýokarlandyrmakda kömekçi ulgam hökmünde peýdalanylýar. Geljekde bu algoritm programma ulgamy görnüşinde ulanyjylaryň peýdalanmagy üçin hem elýeterli ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026