Aşgabatda «Тürkmentel-2023» Halkara sergisi geçýär


Türkmenistanyň Söwda senagat binasynda telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio enjamlar boýunça «Тürkmentel-2023» XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy.

Her ýylda geçirilýän sergi dünýäniň 30 ýurdundan – Russiýadan, ABŞ-dan, Finlandiýadan, Türkiýeden, Latwiýadan, Fransiýadan, Monakodan, Nederlandlardan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Awstriýadan, Ýaponiýadan, Şwesiýadan, Beýik Britaniýadan, Taýlanddan, Hindistandan, Pakistandan, Belarus Respublikasyndan, Hytaýdan, BAE-den, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrygyzystandan, Owganystandan 80-e golaý kompaniýanyň wekillerini bir ýere jemledi.

Şeýle hem çärä Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi we GDA-nyň Elektroaragatnaşyk sebit birleşigi, GSMA ählumumy assosiýasiýasy, “Intersputnik” Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy ýaly halkara guramalar gatnaşýarlar.

Sergide IT pudagynyň Rohde & Schwarz, THALES, Gilat Satellite Networks, Hermes, HUAWEI Technologies, AXIS Communications, Triax, ELTI doo, Iskratel, SES Broadband Services, Eastern Wind и Ростелеком, Sony Solutions Group, Nokia Siemens Networks, Tyco Elektroniks ýaly öňdebaryjy kompaniýalary öz pawiliýonlaryny ýerleşdirdiler.

Şeýle hem “Türkmentel-2023”-iň çäklerinde Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan guralýan “Indiki nesil ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny işe girizmek (IMT-2020/5G)” atly iki günlik okuw maslahaty geçiriler.
ORIENT news








