Paýtagtymyzda bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamyna bagyşlanan okuw maslahaty geçýär


Şu gün Aşgabatda açylan telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio enjamlar boýunça «Тürkmentel-2023» XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde “Indiki nesil ykjam aragatanaşyk ulgamlaryny işe girizmek (IMT-2020/5G)” atly iki günlik okuw maslahaty geçýär.
Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan guralýan okuw maslahatyna döwlet edaralarynyň we hususy bölegiň, ylmy intelligensiýanyň, aragatnaşyk operatorlarynyň wekilleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşýarlar.
Sanly özgerişiň we sanly ykdysadyýetiň esasy düzüm bölegi hasaplanylýan aragatnaşyk ulgamynyň 5G bäşinji nesli esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.
Maslahata gatnaşyjylar 5G tehnologiýasynyň beýleki nesil aragatnaşyklaryndan has artykmaçdygyny nygtadylar. Ýokary tizligi we geçirijilik ukyby netijesinde 5G tehnologiýasy dürli pudaklary kämilleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Şeýle hem 5G ulgamy “akylly şäher” goşundylary üçin hem uly mümkinçilikleri döreder. Şäherler “akylly” köçe çyralaryndan başlap ýol kameralaryna we howanyň hilini anyklaýan datçiklara çenli enjamlaryň giň toplumyny ulanyp bilerler. Bu enjamlaryň ählisi bir bitewi ulgama birikdirilip, maglumatlary netijli alyşmaga we çözgüt kabul etmek işini kämilleşdirmäge ýardam berer.
Umuman, 5G tehnologiýasy telekommunikasiýa pudagynda uly öňe gidişlik bolup, innowasiýalara we dürli ulgamlardaky ykdysady ösüşe itergi berer.
Okuw maslahaty ertir öz işini tamamlar.
ORIENT news








