HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmen çyragy" hususy kärhanasy - işewürlikleri goldaýan işewürlik

Noýabr 09, 2023 | 10:30 |30487
USAID-yň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikanyň işiniň çäginde eksport tejribesini paýlaşan indiki telekeçimiz «Türkmen çyragy» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Kulbaýew.USAID-yň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikanyň işiniň çäginde eksport tejribesini paýlaşan indiki telekeçimiz «Türkmen çyragy» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Kulbaýew.
Çeşme: Orient.tm

USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikanyň işiniň çäginde eksport tejribesini paýlaşan indiki telekeçimiz «Türkmen çyragy» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Kulbaýew.

2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde açylan “Türkmen çyragy” hususy kärhanasy tiz wagtda kämillige tarap barýar. Ýaş hünärmenleri bar bolan we döwrebap enjamlar ornaşdyrlan kärhana polipropilenden haltalaryň dürli görnüşlerini, haltalyk matalaryny, halta sapaklaryny, ýer örtüklerini, multiflament ýüplüklerini öndürmek we satmak işini alyp barýar. Uzak möhletleýin bähbitli gatnaşyklary maksat edinýän bu kärhana içerki bazarda we daşary ýurtlarda ençeme ygtybarly hyzmatdaşlary edinmegi başardy. Kärhana Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Gyýanlydaky polimer zawodyndan ýyllyk 4000 tonna alynan polipropilenden halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýär.

Ýokary hilli önümçiligi ýerine ýetirmek üçin Awstriýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň enjamlaryny ornaşdyrylan. Önümçilik üznüksiz üç çalyşykda alynyp barylýär. Kärhanada 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kärhananyň önümleri azyk, oba hojalyk, himiýa, senagat toplumlarynda giňden ulanylýar. Önümleriň aglaba bölegi eksport edilýän. “ÇYRAG” haryt nyşanly harytlar Russiýa, Türkiýe, Rumyniýa, Ukraina, Gazagystan, Moldowa, Owganystan ýaly ýurtlara demirýol we gara ýollary arkaly eksport edilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda "Türkmen çyragy" hususy kärhanasynyň başlygy kompaniýasynyň öňde goýan maksatlary barada gürrüň berdi. Olaryň öňde goýan taslamalarynyň biri bolup “big bag” diýip atlandyrylýan uly haltalaryň önümçiligine başlamakdyr. Indi bolsa Batyr Kulbaýew bilen geçirilen söhbetdeşliginiň doly wideosyny görüp bilersiňiz.

"Türkmen çyragy" hususy kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:

Tel: +99361 749814

Tel: +99312 595183

Email: info.turkmencyragy@gmail.com

Salgy: Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, önümçilik zolagy, Bereketli köçesi 31-nji jaý


Bu neşir USAID-ň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026