Türkmenistanda uçujy enjamlaryň sport ýaryşy geçirildi


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda awiaenjamlar boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Goranmak ministrliginiň Awiasiýa kluby tarapyndan guralan bäsleşige Türkmenistanyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar. Bu barada turkmentv.gov.tm neşiri mälim edýär.
Bu sport gürnüşinde gatnaşyjylar uçujy enjamlaryň modelini düzmek, ýasamak we olary uçuryp ussat dolandyrmak boýunça ýaryşdylar. Bäsleşigiň jemlerine laýyklykda, Kerim Nazarowyň awiaenjamy has ýokary takyklyga we uçu wagtynyň dowamlylygy bilen tapawutlanyp, ýaryşyň ýeňijis boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşik Türkmenistanda bu görnüşli sportuň ösýändigini we ussatlaryň kemala gelip başlandygyny görkezdi.
ORIENT news








