HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM Türkmenistanda milli statistika hünärmenleriniň başarnyklaryny we bilimlerini güýçlendirýär

Noýabr 08, 2023 | 16:14 |7100
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStatyň) pudaklaýyn müdirlikleriniň hünärmenleri üçin täze işlenilip taýýarlanylan Statistiki işewür registri (SIR) boýunça programma üpjünçiliginiň işleýşi boýunça okuw gurady.Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStatyň) pudaklaýyn müdirlikleriniň hünärmenleri üçin täze işlenilip taýýarlanylan Statistiki işewür registri (SIR) boýunça programma üpjünçiliginiň işleýşi boýunça okuw gurady.
Çeşme: BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStatyň) pudaklaýyn müdirlikleriniň hünärmenleri üçin täze işlenilip taýýarlanylan Statistiki işewür registri (SIR) boýunça programma üpjünçiliginiň işleýşi boýunça okuw gurady.

2023-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan 10-njy noýabry aralygynda geçirilen okuwyň dowamynda “TurkmenStatyň” hünärmenleri kärhanalar we telekeçiler üçin statistiki hasabatlary onlaýn tabşyrmaga, şeýle hem hünärmenler tarapyndan has netijeli statistiki gözegçiligi we hasabatlygy ýöretmek üçin statistiki maglumatlaryň parametrlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän programma üpjünçiliginiň täze usullary bilen tanyşdylar.

20231023_104427.jpg

Okuw gatnaşyjylaryna statistiki hasabatyň täze görnüşlerini döretmek ýa-da üýtgetmek üçin ulanylýan programma üpjünçiliginiň täze usullary görkezildi. Bu programmany ulanyp, “TurkmenStatyň” hünärmenleri onlarça statistiki hasabat formalary üçin giriş tablisalaryny özbaşdak döredip bildiler, täze goşulan funksiýalar programma üpjünçiligi tarapyndan ýygnalan we işlenýän statistiki maglumatlaryň takyklygyny, ygtybarlylygyny we yzygiderliligini üpjün eder. Işlenip düzülen programma, ýuridiki şahslary hasaba almak işini ýönekeýleşdirer, maglumatlara girmäge we ony çalt işlemäge mümkinçilik berer, ýuridik şahslaryň we aýry-aýry telekeçileriň tertipli hasaba alynmagyna getirer, şeýle hem statistiki formalaryň elektron görnüşinde tabşyrylmagyna mümkinçilik berer.

Okuw, BMGÖM TürkmenStat bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStatyň) institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini güýçlendirmek” atly taslamasynyň çäginde gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026