HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSG-niň we HPG-niň wekilleri türkmen talyplaryna sapak berdiler

Noýabr 08, 2023 | 10:38 |8728
Bu okuw sapaklaryna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary, şeýle hem ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Merkezi Bankyň hünärmenleri gatnaşdylar.Bu okuw sapaklaryna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary, şeýle hem ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Merkezi Bankyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Çeşme: tdu.edu.tm

Bütindünýä Söwda Guramasynyň goşulyşmak bölüminiň hünärmenleri Anastasiýa Smirnowa we Anna Warýanik türkmen talyplaryna sapaklary geçip, bu guramanyň düzümi, taryhy, esasy ýörelgeleri, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat mälim edýär.

Şunuň bilen bir hatarda Halkara Pul Gaznasynyň wekilleri hem sebit ykdysady ösüşine bagyşlap sapak geçdiler. Hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlaryň hatarynda salgyt-býujet we pul-karz syýasaty, hem-de bilime we innowasiýalara maýa goýmak ugurlary görkezildi.

Bu okuw sapaklaryna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary, şeýle hem ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Merkezi Bankyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Häzirki döwürde Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly agzasy bolmak we dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin çäreleri durmuşa geçirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026