HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri gymmatly kagyzlar bazarynda bilimlerini ýokarlandyrýarlar

Noýabr 07, 2023 | 20:08 |8240
Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen okuw maslahatynda ÝHHG-e agza döwletleriň maliýe bazaryny netijeli dolandyrmak we ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleri hem-de halkara standartlary öwrenildi.Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen okuw maslahatynda ÝHHG-e agza döwletleriň maliýe bazaryny netijeli dolandyrmak we ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleri hem-de halkara standartlary öwrenildi.
Çeşme: hdfcsec.com

Sişenbe güni Aşgabatda geçirilen okuw maslahatynda ÝHHG-e agza döwletleriň maliýe bazaryny netijeli dolandyrmak we ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleri hem-de halkara standartlary öwrenildi.

Utgaşykly görnüşde geçen okuw seminaryna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň we Aşgabat gazna biržasynyň wekiller we beýleki gyzyklanma bildiren adamlar gatnaşdylar. Halkara bilermenler gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmäge, elektron birža söwdalaryny herekete getirmegiň we guramagyň tertibi barada giňişleýin durup geçdiler.

ÝHHG tarapyndan guralan okuw seminarynda gymmatly kagyzlar bazarynda esasy gatnaşyjylar, olaryň broker, bellige alyş, karz beriji, birža we dolandyryş işleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Bilermenler wirtual aktiwler we olar bilen döreýän jenaýatçylyk töwekgelçilikleri bilen hem gatnaşyjylary tanyşdyrdylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ykdysadyýet we ekologiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Uilýam Lif Merkeziň bu ugurlarda konsultatiw we tehniki kömekleri Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Şu ýylyň başynda ÝHHG-niň merkezi maliýe bazaryny ösdürmek boýunça onlaýn okuw maslahaty we bu ugurda gazanylan tejribeler bilen tanyşmak üçin Özbegistana sapar gurady. Saparyň dowamynda Aşgabat gazna biržasynyň wekilleri daşkentli kärdeşleriniň toplan tejribelerini ýerinde öwrendiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026