HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Nippon” gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

Noýabr 07, 2023 | 20:04 |6283
Sişenbe güni, 7-nji noýabrda Aşgabada sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bardy we daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy.Sişenbe güni, 7-nji noýabrda Aşgabada sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bardy we daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Sişenbe güni, 7-nji noýabrda Aşgabada sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bardy we daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy.

Olar söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy esasan hem, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň öndürijilikli işini bellediler şeýle hem, özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, JACAFA, NipCA, Read Japan ýaly “Nippon Foundation”-niň taslamalary barada hem aýdyp geçdiler.

Ýaşlar syýasaty pudagynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda täsirli özara gatnaşyklaryň hem ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçen bir ýylda, “Read Japan” taslamasynyň çäginde Nippon gaznasynyň Türkmenistanyň uniwersitetlerine we döwlet kitaphanasyna Ýaponiýa baradaky 200-den gowrak kitaplary sowgat edendigini bellemek möhümdir, bu bolsa, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisi bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026