Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokio täze ilçisini Aşgabat şäherine iberdi

Noýabr 07, 2023 | 19:36 |6447
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji noýabrda, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji noýabrda, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji noýabrda, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik missiýasynyň ýerine ýetirilmegi üçin doly ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda aýdylýar.

Raşid Meredow we Sasaki Hirosi häzirki ikitaraplaýyn gün tertibine göz aýladylar, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de halkara we sebit guramalarynyň arasynda, şol sanda Merkezi Aziýa+Ýaponiýa dialoglary görnüşinde netijeli özara gatnaşyklary bellediler.

1-3.jpg

Şeýle hem, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa eden saparynyň netijeleri nygtaldy.

Söwda we ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlän taraplar, energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, şeýle hem Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmek ýaly medeniýet, ylym, bilim pudagyndaky mümkinçiliklerini belediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026