Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy


Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-17-nji noýabr aralygynda Ženewada geçiriljek Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy.

Türkmen tarapy, ýurduň adam hukuklary babatdaky borçlaryny ýerine ýetirmek syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi, şeýle hem ozalky - 2018-nji ýyldaky üçünji synyň çäklerinde ýüze çykarylan birnäçe meseläni çözmekde möhüm öňegidişlikler we ösüşler barada habar berdi.
Mejlise gatnaşan 80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe ýurtda 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli adam hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek, hususan-da halkara guramalary we adam hukuklary mehanizmleri bilen gatnaşygy giňeltmek, milli institutlary kämilleşdirmek, kanunlary yzygiderli özgertmek, zähmet, iş, bilim, ykdysadyýet we ekologiýa pudagyndaky halkara resminamalary- kabul edilmegi barada habar berildi. Türkmenistanyň bu ugurda mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi üçin birnäçe teklipler hem berildi.

Synyň netijeleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek Adam hukuklary boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisinde mälim ediler.
ORIENT news








