HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda import harytlarynyň altynjy halkara sergisi geçýär

Noýabr 07, 2023 | 09:24 |6761
COVID-19 pandemiýasy zerarly uzak wagtlyk arakesmeden soňra Şanhaýda import harytlarynyň altynjy halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi dünýäde iň uly we möhüm sergi çäreleriniň biridir.COVID-19 pandemiýasy zerarly uzak wagtlyk arakesmeden soňra Şanhaýda import harytlarynyň altynjy halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi dünýäde iň uly we möhüm sergi çäreleriniň biridir.
Çeşme: ciie.org

COVID-19 pandemiýasy zerarly uzak wagtlyk arakesmeden soňra Şanhaýda import harytlarynyň altynjy halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi dünýäde iň uly we möhüm sergi çäreleriniň biridir.

Sergä Aziýadan, Afrikadan we Ýewropadan 154 ýurt gatnaşýar. Olaryň 11-si bu sergä ilkinji gezek gatnaşýarlar. Şu ýyl bu çärä gatnaşmak üçin 3400-den gowrak kompaniýa hem-de 394 müň gatnaşyjy bellige alyndy.

HHR-niň Başlygy Si Szinpin sergä gatnaşyjylara iberen hatynda her ýyl geçirilýän bu serginiň ösüşiň täze nusgasyny döretmekde öz ornuny pugatalandyrjakdygyna hem-de açyk dünýä ykdysadyýetini kemala getirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Sergi birnäçe, şol sanda awtoulag we derman senagatyna, sarp ediş harytlaryna, oba hojalyk önümlerine, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky gazanylanlara bagyşlanan bölümlerden ybaratdyr. Şeýle hem sergide hyzmatlar ulgamy, şol sanda maliýe, maslahat beriş hyzmatlary, syýahatçylyk we logistika ulgamlaryndaky hyzmatlar bilen baglanyşykly bölümler ýerleşdiriler.

Import harytlarynyň altynjy halkara Hytaý sergisi 10-njy noýabra çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026