HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda intellektual tehnologiýalary boýunça ýokary bilim alan uçurymlaryň sany 3 ýylda 3 esse artar

Noýabr 07, 2023 | 20:21 |7651
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Intellektual tehnologiýalary ugry boýunça bilim alan uçurymlaryň sany 2026-njy ýylda 3 esse, ýagny şu ýylky 797 sany uçurymdan 2163 sany uçuryma çenli artar.Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Intellektual tehnologiýalary ugry boýunça bilim alan uçurymlaryň sany 2026-njy ýylda 3 esse, ýagny şu ýylky 797 sany uçurymdan 2163 sany uçuryma çenli artar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Intellektual tehnologiýalary ugry boýunça bilim alan uçurymlaryň sany 2026-njy ýylda 3 esse, ýagny şu ýylky 797 sany uçurymdan 2163 sany uçuryma çenli artar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory Kakageldi Hümmäýew Bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Bellenişi ýaly, maglumat tehnologiýalary ugrunda bilim alan uçurymlaryň sany şu ýyl 698 sany bolan bolsa, bu görkeziji 2026-njy ýylda 1771-e ýeter. Kiberhowpsuzlyk ugrunda bilim alanlaryň sany hem şu ýylky 99 san mukdaryndan 372-ä ýetip, ol hem 3 esse artar.

Bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlaýan esasy ýokary okuw mekdepleri Oguz han adyndaky Inžener-tenologiýalar uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bolup durýar.

Bu ugurlarda ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ylym we oýlap tapyş ugurly pudagyň ösmegine özüniň goşandyny goşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026