HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belgiýadaky türkmen ilçisi Ýewroparlamentiň esasy adamlarynyň biri bilen duşuşdy

Noýabr 07, 2023 | 17:55 |9070
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi, Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhananyň ýolbaşçysy Sapar Pälwanow duşenbe güni Brýussel şäherinde Ýewropa Parlamentiniň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy, Ýewropanyň Halk partiýasynyň fraksiýasynyň görnükli işgäri Dewid Makalister bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi, Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhananyň ýolbaşçysy Sapar Pälwanow duşenbe güni Brýussel şäherinde Ýewropa Parlamentiniň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy, Ýewropanyň Halk partiýasynyň fraksiýasynyň görnükli işgäri Dewid Makalister bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi, Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilhananyň ýolbaşçysy Sapar Pälwanow duşenbe güni Brýussel şäherinde Ýewropa Parlamentiniň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy, Ýewropanyň Halk partiýasynyň fraksiýasynyň görnükli işgäri Dewid Makalister bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigini arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy üpjün etmekde paralmenatara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda syýasy gatnaşyklar, ykdysady ösüş we medeni alyş-çalyş boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.

Deputat Tomaş Zdehowskiýniň başlyklyk etmeginde Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan saparynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, Sapar Pälwanow türkmen düzümleri, şol sanda Hökümet edaralarynyň, hususy düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen şunuň ýaly duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetlidigini nygtady.

Bellenişi ýaly, saparyň çäklerinde bolan duşuşyklar parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm binýady emele getirdi.

Öz gezeginde, Dewid Makalister Ýewropa Bileleşiginiň strategik geljeginde Merkezi Aziýanyň ileri tutulýan sebitleriň biri hökmünde görülýändigini belledi. Ýewropa Parlamentiniň deputaty 2024-nji ýylda boljak saýlawlaryň esasy ugurlary barada durup geçdi. Şeýle hem, "ÝB-Merkezi Aziýa", "Merkezi Aziýa-Germaniýa" görnüindäki hyzmatdaşlyga oňyn baha berýändigini nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026