Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy

Noýabr 06, 2023 | 17:30 |8704
Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-17-nji noýabr aralygynda Ženewada geçiriljek Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy.Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-17-nji noýabr aralygynda Ženewada geçiriljek Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 6-17-nji noýabr aralygynda Ženewada geçiriljek Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy.

1.jpg

Türkmen tarapy, ýurduň adam hukuklary babatdaky borçlaryny ýerine ýetirmek syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi, şeýle hem ozalky - 2018-nji ýyldaky üçünji synyň çäklerinde ýüze çykarylan birnäçe meseläni çözmekde möhüm öňegidişlikler we ösüşler barada habar berdi.

Mejlise gatnaşan 80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe ýurtda 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli adam hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek, hususan-da halkara guramalary we adam hukuklary mehanizmleri bilen gatnaşygy giňeltmek, milli institutlary kämilleşdirmek, kanunlary yzygiderli özgertmek, zähmet, iş, bilim, ykdysadyýet we ekologiýa pudagyndaky halkara resminamalary- kabul edilmegi barada habar berildi. Türkmenistanyň bu ugurda mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi üçin birnäçe teklipler hem berildi.

2.jpg

Synyň netijeleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek Adam hukuklary boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisinde mälim ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026