HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň “Milli jebislik güni” bellendi

Noýabr 05, 2023 | 19:40 |9977
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ýekşenbe güni myhmanlary kabul etdi - Russiýa Federasiýasynyň Milli jebislik gününi birnäçe çäreler bilen bellediler, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary baýramçylyga we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň dürli sebitleriniň medeniýetine we senetçiligine bagyşlanan ýörite ussatlyk sapaklara gatnaşdylar. TASS-yň habarçysy Oleg Pawlenko festiwala baryp gördi we  **[reportažynda](https://tass.ru/obschestvo/19208037)** bular barada gürrüň berdi.Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ýekşenbe güni myhmanlary kabul etdi - Russiýa Federasiýasynyň Milli jebislik gününi birnäçe çäreler bilen bellediler, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary baýramçylyga we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň dürli sebitleriniň medeniýetine we senetçiligine bagyşlanan ýörite ussatlyk sapaklara gatnaşdylar. TASS-yň habarçysy Oleg Pawlenko festiwala baryp gördi we  **[reportažynda](https://tass.ru/obschestvo/19208037)** bular barada gürrüň berdi.
Çeşme: TASS

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ýekşenbe güni myhmanlary kabul etdi - Russiýa Federasiýasynyň Milli jebislik gününi birnäçe çäreler bilen bellediler, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary baýramçylyga we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň dürli sebitleriniň medeniýetine we senetçiligine bagyşlanan ýörite ussatlyk sapaklara gatnaşdylar. TASS-yň habarçysy Oleg Pawlenko festiwala baryp gördi we reportažynda bular barada gürrüň berdi.

1 (1).jpg

Çärä gatnaşyjylar jamlary (tarelkalary) bezeg bilen boýamakda, zenanlaryň däp bolan başgaplaryny ýa-da demirgazyk halklarynyň ýaşaýyş jaýlarynyň nusgasyny ýasamakda ellerini synap gördüler.

2 (1).jpg

Festiwalyň myhmanlary Russiýanyň halklarynyň tanslarynyň ýerine ýetirilişini gördüler, interaktiw wiktorina gatnaşdylar, şol ýerde rus şäherlerindäki ýadygärlikleri ekrandaky suratlardan synladylar. Soňra bolsa, isleg bildirýänler “Aý, näme üçin Iwany söýýärin?” («Ой, за что люблю Ивана») tans fleş-mobyna goşuldylar.

3 (1).jpg

Russiýanyň ilçihanasynyň ýerinde ýerli bezeg we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýarmarkasy bolup, olar türkmen stilinde ýasalan suratlary, sumkalary, oýunjaklary we tagamlary hödürlediler.

4 (1).jpg

Merkezi Russiýa bagyşlanan ussatlyk sapaklarynda myhmanlar monjuklardan “Moskwa-Siti” panelini taýýarlamaga çagyryldy. Taýýarlanan reportažda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, Rushyzmatdaşlygyň wekili Ýuliýa Zaýtsewanyň “Biz Russiýanyň diňe bir dostlukly ýurt däl, ruhy medeniýete hem baýdygyny, şeýle hem has döwrebap, ýokary tehnologiýaly döwletdigini görkezmek isledik. Biz muňa örän buýsanýarys we ony bütin dünýä bilen paýlaşmak isleýäris" diýen, sözleri getirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026