HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen dizaýneriniň ýygyndysy Sankt-Peterburgdaky “Moda arkalaşygy” forumynda görkeziler

Noýabr 05, 2023 | 02:00 |9958
9-10-njy noýabrda Sankt-Peterburgda ýeňil senagaty we moda önümçiligi halkara forumy geçiriler diýip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň sekretariatynyň metbugat gullugy habar berýär.9-10-njy noýabrda Sankt-Peterburgda ýeňil senagaty we moda önümçiligi halkara forumy geçiriler diýip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň sekretariatynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: cis-fashion.ru

9-10-njy noýabrda Sankt-Peterburgda ýeňil senagaty we moda önümçiligi halkara forumy geçiriler diýip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň sekretariatynyň metbugat gullugy habar berýär.

Çäreler GDA-nyň PA-nyň Baş edarasynda - Tawriýa köşgünde geçiriler. Maksatnamanyň çäklerinde Arkalaşygyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerleriň ýygyndylarynyň sergisi hem bolar.

"10-njy noýabrda Belarussiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan moda dizaýnerleri öz kolleksiýalaryny görkezerler" diýip relizde aýdylýar.

Türkmenistana milli äheňler bilen batyrgaý synag edip, gündogaryň etniki gymmatlyklaryny tötänleýin şäher stili we ýaşlar tendensiýasy bilen birleşdirýän dizaýner Selbi Soltanowa wekilçilik eder.

1.jpg

Forumyň iş meýilnamasy 20 sany tegelek stollary we esasy pudak ugurlary bolan: ykdysadyýet, önümçilik, dizaýn, hünärmenler, medeni däp-dessurlar boýunça umumy mejlisi öz içine alýar.

Bu çäre, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Senagat we söwda ministrliginiň, şeýle hem Ýewraziýa aýallar forumynyň goldawy bilen gurnalýar.

Geçen ýyl bu forum ilkinji gezek geçirildi we ol ýeňil senagaty we moda hünärmenleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Forum amaly netijelere eýe boldy: çärede we onuň ahyrynda birnäçe şertnamalara hem gol çekildi; Arkalaşygyň ýurtlarynyň dizaýnerler indi Sankt-Peterburgyň söwda nokatlarynda has giňden görkezilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026