HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda täze desgalaryň işe girizilmegi we düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy

Noýabr 03, 2023 | 15:24 |8378
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Balkan welaýatyna iş sapary wagtynda birnäçe energetika we durmuş maksatly desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Balkan welaýatyna iş sapary wagtynda birnäçe energetika we durmuş maksatly desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Balkan welaýatyna iş sapary wagtynda birnäçe energetika we durmuş maksatly desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Serdar Berdimuhamedow ýadygärlik ýazgyly gutujygy täze binanyň düýbüne atdy we hormatly ýaşulular bilen bilelikde ilkinji beton garyndysyny geljekki elektrik stansiýasynyň düýbüne oklady. Bu ýerde tebigy “mawy ýangyçda” işleýän 4 sany gaz turbinasy we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “General Electric”, ABŞ tarapyndan öndürilen 2 sany bug turbina gurlar.

Bu ýerden, sanly ulgam arkaly, Türkmenistanyň Prezidenti täze Mary-Ahal ugry boýunça asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegine we onuň ýurduň bitewi elektrik ulgamyna birikmegine, soňra bolsa, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen iki sany täze gaz turbina desgasynyň işe girizilmegine ak pata berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Dabara, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen medeni-durmuş maksatly uly binalar toplumynyň düýbüniň tutulýan Guwlymaýak obasynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata berdi we täze binanyň düýbüne ilkinji beton garyndysyny goýdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026