HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi hyzmatdaşlygy giňelder

Noýabr 03, 2023 | 15:08 |7463
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça köp ýurtly edarasynyň (ÝUNOPS) müdiri Freýa fon Groote bilen gepleşik geçirdi.Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça köp ýurtly edarasynyň (ÝUNOPS) müdiri Freýa fon Groote bilen gepleşik geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça köp ýurtly edarasynyň (ÝUNOPS) müdiri Freýa fon Groote bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, halkara taslamalaryna hyzmat etmek nukdaýnazaryndan ÝUNOPS bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar.

1 (1).jpg

Söhbetdeşler saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak we ýaşyl energetika, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministrliginiň websaýtynda türkmen tarapy ekologiýa, infrastruktura, energiýa, oba hojalygy, sanly geçiş hem-de ýer we suw baýlyklaryny netijeli dolandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

2 (1).jpg

Taraplar ÝUNOPS-yň wekilhanasynyň biziň ýurdumyzdaky işini utgaşdyrmak üçin ikitaraplaýyn özara gatnaşyk mehanizmini döretmek barada ylalaşdylar.

Duşuşykdan soň Türkmenistan Hökümeti bilen ÝUNOPS arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen ÝUNOPS-yň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026
Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

14:00 Awgust 13, 2026