HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

Noýabr 03, 2023 | 14:09 |6588
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Astana iş saparynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Astana iş saparynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Çeşme: akorda.kz

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Astana iş saparynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmek we Türki Döwletleri Guramasynyň giňişliginde dürli ugurlardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki Döwletleri Guramasynyň 10-njy ýubileý Sammitine hut özüniň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşygynyň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyny belledi. Onuň sözlerine görä, gazak-türkmen gatnaşyklary üstünlikli ösýär we strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär.

1698990532_KZ3_7940_2.jpg

– Siz, Gazagystanda Türkmenistanyň hakyky Lideri we biziň döwrümiziň görnükli döwlet işgärlerinden biri hökmünde tanalýarsyňyz. Siz Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine uly goşant goşduňyz. Şonuň üçin Siziň bu ýerde bolmagyňyz we şu günki duşuşygymyzyň amaly we syýasy taýdan möhümdigine ynanýaryn. Elbetde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gepleşiklerimiz bar. Biz doganlyk we goňşy döwletlerdiris. Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda hiç hili düşünişmezlik ýokdur. Diňe doganlyk duýgulary bar "- diýip, Tokaýewiň metbugat gullugy onuň sözlerine salgylanýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde TDG-niň ýubileý Sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi.

Söhbetdeşler özara söwdada oňyn yzygiderli ösüşi bellediler we energetika, senagat, ulag, logistika we beýleki ugurlarda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary hem has çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026