HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saz öwreniji türkmen alymlary Moskwada halkara ylmy maslahata gatnaşdylar

Noýabr 04, 2023 | 14:52 |7479
Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda "Syýasy we medeni giňişlikde milli kompozitorçylyk mekdebini kemala getirmegiň meseleleri" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda "Syýasy we medeni giňişlikde milli kompozitorçylyk mekdebini kemala getirmegiň meseleleri" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Çeşme: "Dutaryň owazy" festiwalynyň metbugat merkezi

Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda "Syýasy we medeni giňişlikde milli kompozitorçylyk mekdebini kemala getirmegiň meseleleri" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Ol türkmen halkynyň beýik kompozitorynyň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, Nury Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" 7-nji Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäklerinde geçirildi. Ylmy-amalay maslahatda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Russiýadan, Ermenistandan we Hytaýdan belli saz we sungat öwrenijileriniň 36 çykyşy diňlenildi. Şolaryň 25-si Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlarynyň çykyşlarydyr.

Çärede "Gelikon-opera" adyndaky Moskwa sazçylyk teatrynyň artisti Darýa Guseýnowanyň we Moswanyň "Dutaryň owazy" halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor Mämmet Guseýnowyň ýerine ýetirmeklerinde Nury Halmämmedowyň sazlary aýratyn öwüşgin çaýdy.

1-3.jpg

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Darýa Guseýnowanyň redaktorlyk etmeginde "Nury Halmämmedow. Soprano we fortepiano üçin saýlanan saz eserleri" atly saz eserleriniň ýygyndysy tanyşdyryldy. Onuň bir nusgasy Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna hem berildi.

2-3.jpg

Ylmy-amaly maslahatda häzirki zaman saz biliminiň meseleleri, şeýle hem milli saz medeniýetleriniň hem-de kompozitorçylyk mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026