HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi Türkmenistanyň Atçylyk akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýär

Noýabr 04, 2023 | 03:00 |7740
Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi bilen Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri türkmen ilçisi Nazarguly Işangulyýewiň we ady agzalan merkeziň direktory Mihail Portnoýyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi bilen Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri türkmen ilçisi Nazarguly Işangulyýewiň we ady agzalan merkeziň direktory Mihail Portnoýyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy

Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi bilen Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri türkmen ilçisi Nazarguly Işangulyýewiň we ady agzalan merkeziň direktory Mihail Portnoýyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

3-nji noýabrda geçirilen duşuşyga şeýle hem Belarusyň Döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň atly sport boýunça uly mugallymy Natalýa Petuhowa hem gatnaşdy.

1 (2).jpg

Portnoýyň sözlerine görä, Belarus Respublikasynyň atçylyk sport merkezi ýurduň ilatynyň arasynda bu görnüşli sportuň uly meşhurlyga eýe bolmagyna şert döredýär. Direktor şeýle hem merkeziň işini guramakda özüniň ilkinji mugallymy bolan SSSR-iň çempiony, halkara derejeli sport ussady Irina Karaçaýewanyň goşandy barada hem durup geçdi. Ol atly sport boýunça dünýäniň we Ýewropanyň birnäçe çempionatlarynyň ýeňijisidir.

Mihail Portnoý türkmen ilçisini Atly sport merkezindäki mümkinçilikler bilen türkmen ilçisini giňişleýin tanyşdyrdy. Bu ýerde atly ýaryşlara taýýarlamak, olary idetmek we bejermek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şu ýylyň sentýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygyny göz öňünde tutup, direktor türkmen tarapy bilen atly sport we atçylygy ösdürmekde göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

3 (1).jpg

Atçylyk sporty boýunça Olimpiýa ýaryşlaryna taýýarlaýan merkez 1996-njy ýylda açylyp, ol Minsk şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýär. Bu merkeziň döredilmeginde binýat bolup, Ratomk şäherçesinde ýerleşýän L.Dowator adyndaky atçylyk zawody we Olimpiýa üçin ätiýaçdaky türgneleri taýýarlaýan çagalar-ýetginjekler sport mekdebi çykyş etdi.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026