HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TNGIZT-däki energetika desgasy Germaniýanyň şahadatnamalaryna mynasyp boldy

Noýabr 04, 2023 | 02:19 |11582
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda bellenişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda bellenişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär.
Çeşme: orient.tm

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde guruljak utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesindäki durmuş maksatly desgalaryň düýbüni tutmak hem-de Mary - Ahal asma elektrik geçirijisiniň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2 sany gaz turbina desgasynyň açylyşyna gatnaşdy.

Täze iri energetika desgasynyň gurluşygy "Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş." türk kompaniýasyna ynanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda bellenişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi.

Gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary bolar diýip, döwlet Baştutany belledi. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Bu ýerde ökde hünärli işgärleriň 150-den gowragy zähmet çeker. Olaryň işlemegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň ikinjisidir. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Bu gün bolsa halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi. Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Balkan — Daşoguz we Mary — Ahal energiýa ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgam emele geler. Içerki sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň hili gowulanar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan 2 sany gaz turbina desgasynyň kuwwaty 70 megawatt bolup, ol zawodlar toplumyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Täze energetika desgasynyň gurluşygy «Çalik Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde oturdylan elektrik generatorlary we turbinalar ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasy tarapyndan öndürildi.

Açykyş dabarasynda TNGIZT-däki täze elektrik desgasy Germaniýanyň birnäçe ylmy merkezleriniň sylaglary hem gowşuryldy. Has takygy, Germaniýanyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň Hil şahadatnamasy, GFR-iň Binagärleriniň federal palatasynyň Iň ýokary inženerçilik taslamasy baradaky şahadatnamasy we GFR-iň Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky uniwersitetiniň Ekologik taýdan arassalygy we durnukly taslamadygy baradaky şahadatnamasy TNGIZT-däki energetika desgasyna gowşuryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026