HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji noýabrda Senagat we gurluşyk toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek boýunça teklibi makullady

Noýabr 04, 2023 | 01:05 |6332
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 kilowatt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 kilowatt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.
Çeşme: orient.tm

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 kilowatt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.

Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady diýip, Türkmenistanyň telewideniýesi habar berdi.

Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow kenarýaka şäherde täze elektrik stansiýasynyň we Guwlymaýak şäherçesindäki täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda bolsa, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň we Mary - Ahal täze asma elektrik geçirijisi ulanmag berildi.

Türkmenbaşy şäherinde guruljak täze bug-gaz elektrik stansiýasynda "General Electric" kompaniýasynyň 4 sany gaz turbinasy, 2 sany hem bug turbinasy oturdylar. Ol Türkmenistanyň energiýa üpjünçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak bilen, elektrik energiýasynyň eksporty üçin giň mümkinçilikleri açar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026