HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Premýer-ministri Daşkentde YHG-a agza döwletleriň Liderleri bilen gepleşikleri geçirer

Noýabr 04, 2023 | 15:04 |8143
Bellenişi ýaly, Pakistanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.Bellenişi ýaly, Pakistanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Çeşme: thenews.com.pk

Pakistanyň Premýer-ministri Anwaar-ul-Hak Kakar 8-nji noýabrda 3 günlük sapa bilen Daşkent şäherine ugrar. Saparyň dowamynda ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 5-nji işewürlik forumyna gatnaşar.

Forumyň çäklerinde Pakistanyň Premýer-ministri YHG-a agza döwletleriň Liderleri bilen duşuşyklary bolar diýip, "The News International" neşiri habar berýär. Pakistanyň Premýer-ministriniň Özbegistana saparynyň barşynda ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiirji Saýed Jalil Abbas Jaýlani we Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalary ýanynda bolarlar.

YHG-anyň işewürlik forumy gurama agza döwletleriň we daşary ýurtlaryň birnäçesiniň 200-den gowrak kompaniýasynyň wekillerini bir ýere jemlär. Bellenişi ýaly, Pakistanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň 16-ny sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-9-njy noýabrda Özbegistanda iş saparynda bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026