HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

Noýabr 03, 2023 | 19:55 |2565
Çäräniň ahyrynda Ýaşlaryň milli beýannamasy taýýarlanyldy Onda Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça türkmen ýaşlarynyň garaýyşlary beýan edilýär.Çäräniň ahyrynda Ýaşlaryň milli beýannamasy taýýarlanyldy Onda Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça türkmen ýaşlarynyň garaýyşlary beýan edilýär.
Çeşme: Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth) geçirildi.

Gibrid görnüşinde geçirilen çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa 17 - 30 ýaş aralygyndaky ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň meýletinçileri, şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça bilermenler gatnaşdylar.

Milli maslahat Türkmenistanyň ýaşlaryny howanyň üýtgemegi bilen döreýän ýagdaýlaryň derejesini peseltmäge, bu babatda jemgyýetiň arasynda göreş çärelerini geçirmäge ruhlandyrmaga gönükdirildi. Maslahat şeýle hem ýerli ýaşlaryň howanyň üýtgemegi boýunça geljekki hökümetara syýasatyny emele getirmekde mümkinçilikleri artdyrmak, degişli ugurda bilimleri alyşmak üçin amatly meýdança boldy. Munuň netijesinde, geljekde Türkmenistanyň ähli ýerinden bolan ýaş işjeň agzalaryň ulgamy emele getiriler.

Çäräniň ahyrynda Ýaşlaryň milli beýannamasy taýýarlanyldy Onda Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça türkmen ýaşlarynyň garaýyşlary beýan edilýär.

Bu çäre BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň ýaşlar topary (YOUNGO) tarapyndan resmi makullanylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026