HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Noýabr 01, 2023 | 23:19 |6967
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Diplomat Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Daştutanyna mähirli salamyny ähli türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Diplomat Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Daştutanyna mähirli salamyny ähli türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Diplomat Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Daştutanyna mähirli salamyny ähli türkmen halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow Özbek Lideriniň ýollan mähirli salamyna minnetdarlyk bilen jogap berip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen ynamly, hoşniýetli gatnaşyklara hemişe ygrarlydygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň hem sebitleýin we global meseleler boýunça, esasan hem bütindünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly biri-birine ýakyn ýa-da meňzeş pozisiýalary bar.

2.jpg

Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär, özara söwda dolanyşygy artýar, ýangyç-energetika, ulag we logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda özara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Gatnaşyklaryň däp bolan möhüm bölegi hökmünde, iki döwletiň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy, köp asyrlyk dostlugy we goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin köpri bolup durýan medeni, ylym, bilim ugurlaryndaky gepleşikler bolup galýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026