Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi


Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy sişenbe güni Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň Aşgabat şäherinde bolan duşuşygyndan soň geçirildi.
Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Pusan milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylyk mekdebiniň hem-de Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli institutyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasy; Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk; 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasy bar.

Şeýle hem, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň resmi saparynyň çäginde Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilen Koreýa uniwersitetiniň lukmançylyk kollejiniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekildi. Bu barada Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň koreýaly kärdeşi Pak Jin bilen bolan duşuşygynyň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalar hem geçirildi. Beýleki ugurlarda Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmek taslamalary, gaz himiýa zawodlaryny gurmak, elektrik ulaglaryny we elektro-awtobuslaryny satyn almak, iň täze sanly we maglumat-aragatnaşyk we beýleki ulgamlary girizmek boýunça maýa goýumlary “akylly şäherler”-iň gurluşygyndaky tehnologiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler deňiz suwuny süýjediji tehnologiýalar we suw çeşmelerini tygşytly peýdalanmakdaky täzelikler, ýaşyl we wodorod energiýasy boýunça Koreýanyň tejribesini öwrenmek we bäsdeşlik önümçiligine gönükdirilen ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek boýunça özara gatnaşyklaryň geljegine üns berdiler.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategiki, dowamly we uzak möhletli boljakdygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň esasan hem, bilim, ylym, koreý dilini öwrenmek, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugurlaryndaky ähmiýeti bellendi.
Diplomatlar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen birlikde şu ýylyň mart aýynda Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini we 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatdaky Koreýanyň Medeniýet hepdeliginiň ähmiýetini bellediler.
ORIENT news








