HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Nokia”, “Huawei”, “NEC” kompaniýalarynyň hünärmenleri Türkmenistana geler

Noýabr 03, 2023 | 11:11 |6115
Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

9-10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýlar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew penşenbe güni geçirilen Hökamet Mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Forumyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026