HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

16 – 18-nji noýabrda Maryda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler

Noýabr 03, 2023 | 11:01 |4503
16 — 18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler.16 — 18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

16 — 18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler. Ony guramak boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilişi hakynda wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Ministrler Kabinetiniň penşenne güni geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026