ÝÖTB-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy täze başlygyna garaşýar
Oktýabr 31, 2023 | 22:50 |5982


Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky, Fatih Türkmenogluny Demirgazyk Makedoniýada başlyk edip belländigi sebäpli, ÝÖTB-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy täze başlygyna garaşýar. Ol 1-nji noýabrda işe başlar we bankyň Skopýadaky rezident ofisine ýolbaşçylyk eder.
Türkmenoglu, 2019-njy ýyldan şu wagta çenli ÝÖTB-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip, onuň işi esasan hususy pudagyň taslamalaryna gönükdirilipdi.

Türkmenoglu tejribeli halkara bank hünärmeni. Tutuş karýerasynyň dowamynda ol infrastruktura we täjirçilik bank hyzmatlary, taslamalary durmuşa geçirmek, serhetaşa maliýeleşdirmek, hukuk esaslary we donor gatnaşyklary boýunça ýöriteleşipdir diýip, ÝÖTB-nyň habarynda aýdylýar.
ORIENT news








