HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Gyrgyzystanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlyk boýunça özara pikir alyşdylar

Noýabr 01, 2023 | 22:41 |5325
Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutany Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, doganlyk ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu çärelere Žeenbek Kulubaýew hem gatnaşýar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ägirt uly kuwwaty açmak üçin mümkin bolan ähli gurallaryň doly peýdalanylmagynyň zerurdygy tassyklanyldy. Üstaşyr ulag gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026