HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gepleşikleri geçirdi

Oktýabr 31, 2023 | 22:05 |7353
Sişenbe güni Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň şeýle-de Özbegistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.Sişenbe güni Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň şeýle-de Özbegistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.
Çeşme: mfa.gov.tm

Sişenbe güni Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň şeýle-de Özbegistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Raşid Meredow we Bahtiýor Saidow döwletara gepleşikleriň häsiýetine işjeň we ösüş depginli diýip baha berdiler şeýle-de ýakyn wagtda boljak çäreleriň we ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň goldawy bilen iki dogan döwletiň giň ugurlarda netijeli we täsirli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýändigi barada biragyzdan bellediler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasyndaky habara görä, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu gatnaşyklary ösdürmekdäki şahsy goşandy aýratyn nygtaldy.

2-7.jpg

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň alyp barýan işleri, türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Taraplar sebit meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň ähmiýetini bellediler.

Ministrler taraplaryň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesini we halkara giňişliginde, ilkinji nobatda BMG-däki işleriň çäginde garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Diplomatlar şu gün Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýygnagyny goşmak bilen “MA +” hyzmatdaşlyk formatlarynyň ähmiýetini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026