HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan rus dili ýörgünli ulanylýan ýurtlaryň biri boldy

Noýabr 02, 2023 | 20:53 |10472
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň halkara bilim we dil syýasaty merkezi geçirilen barlaglaryň netijesinde "Dünýäde rus diliniň ýagdaýynyň görkezijileri" atly makalany çap etdi. Onda GDA agza ýurtlarda rus diliniň ulanyş derejesi boýunça ýagdaýlara syn berilýär.A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň halkara bilim we dil syýasaty merkezi geçirilen barlaglaryň netijesinde "Dünýäde rus diliniň ýagdaýynyň görkezijileri" atly makalany çap etdi. Onda GDA agza ýurtlarda rus diliniň ulanyş derejesi boýunça ýagdaýlara syn berilýär.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň halkara bilim we dil syýasaty merkezi geçirilen barlaglaryň netijesinde "Dünýäde rus diliniň ýagdaýynyň görkezijileri" atly makalany çap etdi. Onda GDA agza ýurtlarda rus diliniň ulanyş derejesi boýunça ýagdaýlara syn berilýär.

Geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, Türkmenistan rus diliniň medeni ulgamda ulanylyş derejesi boýunça GDA agza döwletleriň içinde öňdäki orny eýeleýär. Bellenişi ýaly, Türkmenistanyň kitaphana, teatr we muzeý işlerinde rus diliniň giňden ulanylmagy rus medeniýetini ýaýratmakda möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan ylmy aragatnaşyk ugrunda rus diliniň ulanylyş derejesi boýunça oňyn görkezijä eýe boldy. Nygtalyşy ýaly, türkmen alymlary özleriniň ylmy işlerini 3 dilde, türkmen, rus we iňlis dillerinde çap etdirýärler.

Häzirki wagtda ýurtda rus diline ýöriteleşen synplary bolan mekdepleriň 70-den gowragy hereket edýär. Bellenişine görä, ähli bilim merkezlerinde, mekdeplerde, ýokayr okuw mekdeplerinde rus dili öwenmek üçin hökmany bolan daşary ýurt dilleriniň biri bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026