HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Noýabr 03, 2023 | 12:59 |10542
Pekin şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen döwletara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetinň 1-nji mejlisi geçirildi.Pekin şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen döwletara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetinň 1-nji mejlisi geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy tarapyndan

Pekin şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça hytaý-türkmen döwletara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetinň 1-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, hytaý wekiliýetine bolsa, HHR-iň ylym we tehnologiýalar ministri Çžan Guanszun başlyklyk etdiler.

Taraplar ylym, tehniki we innowasiýa babatda Türkmenistanda we Hytaýda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdylar hem-de bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.

Gatnaşyjylar ylmy-barlaglarda özara gatnaşyk etmek, ylmy hünärmenleriň alşylmagy, iki ýurduň arasynda ylym we kiberhowpsuzlyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar. Mejlisiň jemlerine laýyklykda, degişli Teswirnama gol çekildi.

Hytaýyň paýtagtynda geçirilen mejlise türkmen wekiliýetiniň hatarynda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory Durdymyrat Gadamow, Himiýa institutynyň direktory Hallymyrat Ataýew, Seýsmologiýa, fizika we daşky gurşawyň atmosferasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewa, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026