Türkmenistan we Türkiýe ýokary bilim ulgamynda bilelikdäki diplom maksatnamalaryny açar


Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen gol çekişilen Ähtnamanyň çäginde bilelikdäki diplom maksatnamalarynyň açyljakdygyny we iki ýurt hem talyplaryny bakalawr we magistr maksanamalary boýunça okuwa kabul etjekdigini habar berdi.
Ähtnama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 26-njy oktýabrda Türkiýä eden sapary wagtynda ylalaşylan beýleki resminamalaryň hatarynda gol çekildi. Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Ozwar we Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow ýokary bilim we ylmy gözlegler pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändiklerini ös gollary bilen tassykladylar.
Özara düşünişmek Ähtnamasyna laýyklykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy ugurlarda alyş-çalyşlar geçiriler we iki ýurduň hem uniwersitetleriniň arasynda sanly bilim we gözleg we ösüş pudagynda hyzmatdaşlyk ediler.
Munuň esasynda bilim we tejribe işindäki hereketlere, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň, talyplaryň, mugallymlaryň we alymlaryň gysga möhletli gözleg maksatnamalaryna gatnaşmagyna goldaw berler. Bulardan başga-da, okuw materiallaryny alyşmak, bilelikdäki magistr sapaklary, konferensiýalar, seminarlar we uniwersitetlere özara saparlar meýilleşdiriler.

Taraplar, kanunçylygyň çäginde bakalawr we magistrlary biri-biriniň ýokary okuw mekdeplerine iberip we kabul edip bilerler. Derejeleri we diplomlary ykrar etmek üçin zerur işler geçiriler.
Düşünişmek memorandumynda kesgitlenen ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny bilelikde işläp düzmek we bu maksatlara ýetmäge gönükdirilen gözlegleri durmuşa geçirmek we baha bermek üçin ýokary bilim boýunça bilelikdäki hemişelik komitet dörediler.
Türkiýede ýaş hünärmenler maksatnamasy boýunça bilim alýan türkmen talyplary ilkinji we gyssagly kömek, bank we ätiýaçlandyryş, buhgalteriýa we sergi fakultetlerine has uly isleg bildirýär. Geňeşiň bellemegine görä, bakalawr programmalarynyň arasynda köp okalýan ilkinji üçlüge taryh, şepagat uýasy we mekdep mugallymçylygy girýär.
Onuň sözlerine görä, magistrlyk okuwlarynda taryh, doktorlyk okuwlarynda bolsa halkara gatnaşyklary we taryh hünäri iň halanýan fakultetlerdir. Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi, düşünişmek memorandumyna gol çekilenden soň islenýän fakultetleriň sanynyň artmagyna garaşýar.
ORIENT news








