Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gepleşikleri geçirdi


Sişenbe güni Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň şeýle-de Özbegistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.
Raşid Meredow we Bahtiýor Saidow döwletara gepleşikleriň häsiýetine işjeň we ösüş depginli diýip baha berdiler şeýle-de ýakyn wagtda boljak çäreleriň we ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň goldawy bilen iki dogan döwletiň giň ugurlarda netijeli we täsirli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýändigi barada biragyzdan bellediler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasyndaky habara görä, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu gatnaşyklary ösdürmekdäki şahsy goşandy aýratyn nygtaldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň alyp barýan işleri, türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.
Taraplar sebit meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň ähmiýetini bellediler.
Ministrler taraplaryň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesini we halkara giňişliginde, ilkinji nobatda BMG-däki işleriň çäginde garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Diplomatlar şu gün Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýygnagyny goşmak bilen “MA +” hyzmatdaşlyk formatlarynyň ähmiýetini bellediler.
ORIENT news








