HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Oktýabr 29, 2023 | 10:35 |11697
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Karaganda sebitindäki ýangyn heläkçiliginiň köp sanly adam pidasyna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Karaganda sebitindäki ýangyn heläkçiliginiň köp sanly adam pidasyna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Çeşme: pavon.kz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Karaganda sebitindäki ýangyn heläkçiliginiň köp sanly adam pidasyna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan bu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk we goldaw beriji sözlerini ýetirdi, şeýle hem ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Gazagystanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi.

TDH hatdaky: “Gazagystan Respublikasynyň Karaganda sebitindäki Kostenko käninde bolan ýangyn habaryny gaty gynanç bilen kabul etdim” diýen sözleri getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kyn pursatda pida bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk we goldaw beriji sözlerini ýetirdi, ýaralananlaryň bolsa, tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi.

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gazagystanyň Karaganda oblastyndaky şahtada dörän ýangyn sebäpli gurban bolanlaryň hatyrasyna Milli matam güni geçirildi.

Milli matam gününde gynanç alamaty hökmünde döwlet we ýerli dolandyryş edaralarynyň şol sanda, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň binalarynda baýdaklar düşürilýär.

28-nji oktýabrda irden Karaganda sebitindäki Kostenko şahtasynda partlama hadysasy boldy. Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, ýekşenbe güni irden magdan käninde gurban bolanlaryň sany 36 adama ýetdi. 10 sany magdançyny gözlemek işleri dowam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026
Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

14:00 Awgust 13, 2026
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026