HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplary Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar

Oktýabr 29, 2023 | 21:34 |7549
Her ýylyň 29-njy oktýabrynda türk halky özleriniň baş baýramyny – Respublika gününi belleýär. 1923-nji ýylyň şu gününde Türkiýe Respublika diýlip yglan edildi. Bu şanly sene mynasybetli Türkiýäniň özünde, goňşy we ýakyn hyzmatdaş döwletlerinde dürli baýramçylyk dabaralary geçirildi.Her ýylyň 29-njy oktýabrynda türk halky özleriniň baş baýramyny – Respublika gününi belleýär. 1923-nji ýylyň şu gününde Türkiýe Respublika diýlip yglan edildi. Bu şanly sene mynasybetli Türkiýäniň özünde, goňşy we ýakyn hyzmatdaş döwletlerinde dürli baýramçylyk dabaralary geçirildi.
Çeşme: Isgender Annamuhammedow

Her ýylyň 29-njy oktýabrynda türk halky özleriniň baş baýramyny – Respublika gününi belleýär. 1923-nji ýylyň şu gününde Türkiýe Respublika diýlip yglan edildi. Bu şanly sene mynasybetli Türkiýäniň özünde, goňşy we ýakyn hyzmatdaş döwletlerinde dürli baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Türkiýäniň Samsun şähernde bilim alýan türkmen talyby “Ýaşyl Ýarymaý” haýyr-sahawat guramasynyň düzüminde meýletinçi bolup gatnaşyp, doganlyk ýurduň şanly senesi mynasybetl guralan çärelere ýardam etdi. Türkiýäniň Ondokuz Maýys uniwersitetiniň kompýuter inženerçiligi fakultetiniň birinji ýyl talyby Isgender Annamuhammedow baýramçylyk dabaralaryndan galan täsirleri “ORIENT” bilen paýlaşdy.

1-4.jpg

-Men beýleki ýüz meňlerçe gatnaşyjylar bilen Türkiýäniň 1919 metrlik baýdagyny götermäge gatnaşdym. Bu agzybir hereketde uly watançylyk we jebislik duýgusyny başdan geçirýärsiň. Doganlyk türkmen we türk halklarynyň özara ýakynlygyndan çen tutsaň, bu duýgy has-da güýçli duýulýar.

IMG_20231029_211608.jpg

Türkmen talyby şeýle hem, yzygiderli ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklary, bu ýerdäki däp-dessurlar we aýratynlyklar barada gürrüň berdi. Isgender ýaly Türkiýede bilim alýan türkmenistanly talyplar başga-da köp bolup, olar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdüriji wekiller bolup çykyş edýärler.

IMG_20231029_210204.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026