HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen şertnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdy

Noýabr 01, 2023 | 23:02 |4542
Çarşenbe güni geçirilen ýygnakda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Duşanbe şäherine eden döwlet saparyndan soň gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ünsi çekdiler.Çarşenbe güni geçirilen ýygnakda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Duşanbe şäherine eden döwlet saparyndan soň gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ünsi çekdiler.
Çeşme: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Çarşenbe güni geçirilen ýygnakda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin şu ýylyň baharynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Duşanbe şäherine eden döwlet saparyndan soň gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ünsi çekdiler.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara deňlik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine, türkmen we täjik halklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygy mälim edildi. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurt hem abraýly guramalaryň we köptaraplaýyn formatlaryň çäginde halkara arenasynda üstünlikli aragatnaşyk saklaýar.

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw maslahatyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana eden iş saparynyň netijelerine aýratyn ähmiýet berdi. Bellenilişi ýaly, bu syýasy wakalaryň netijesinde kabul edilen möhüm resminamalar durnuklylygy berkitmek we sebitde gülläp ösüşi gazanmak ugrundaky bilelikdäki tagallalary has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutany yzygiderli ösýän söwda-ykdysady, medeni we ylym, bilim ugurlardaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekip, Türkmenistanyň iki dogan halkyň bähbidi üçin Täjigistan Respublikasy bilen konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026