HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Balkan" zawody we "KOMEO" kompaniýasy 42 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

Noýabr 02, 2023 | 14:02 |5338
"Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy."Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

"Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada "Gukjanews" habarlar agentligi mälim edýär.

Gämigruluşyk babatda günorta koreý tehnologiýalarynyň getirilmegi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolar.

"KOMEO" kompaniýasynyň Sankt-Peterburgdaky şahamçasynyň mälim etmegine görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen kompaniýa degişli kiçi we orta kärhanalaryň önümlerini daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak bilen Hazar sebitinde gämigurluşyk babatda täze bazary döredýär.

Täze guruljak "MPC 6,1K" synply köp maksatly gämi ýükleriň dürli görnüşlerini Hazar sebitinde daşamak üçin amatlydyr. Onuň uzynlygy 128 metr, ini hem 16,5 metr bolar.

Ozal habar berlişi ýaly, türkmen gämigurluşyk we abatlaýyş zawody "KOMEO" bilen 12 sany gämini gurmakda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Munuň üçin Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän zawodda ähli mümkinçilikler bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026