HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýär

Noýabr 01, 2023 | 19:10 |5324
1-nji noýabr, 2023-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – 24-27-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda gurnan, parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlary parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşdyrdy. Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanda sanly parlament ulgamynyň ösmegine goşant goşjak Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar.1-nji noýabr, 2023-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – 24-27-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda gurnan, parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlary parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşdyrdy. Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanda sanly parlament ulgamynyň ösmegine goşant goşjak Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar.
Çeşme: orient.tm

1-nji noýabr, 2023-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – 24-27-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda gurnan, parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlary parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşdyrdy. Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanda sanly parlament ulgamynyň ösmegine goşant goşjak Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar.

1 (1).JPG

USAID Türkmenistanyň Mejlisi bilen parlamentiň işini we kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy Mejlisiň alty wekili üçin elektron hökümet we elektron parlament ulgamlaryny öwrenmek maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okuw saparyny gurnady.

2 (2).JPG

Mundan başga-da, USAID Mejlis bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hukuk esaslary we kanunçykaryjylyk usullary boýunça gollanmalary işläp düzdi. Şeýle-de, Mejlisiň agzalarynyň işiniň netijeleligini ýokarlandyrmak maksady bilen parlament diplomatiýasy we parlamentiň işiniň hukuk esaslary boýunça okuw-maslahatlary gurnaldy.

Hyzmatdaşlykda geçirilýän çäreler USAID-iň Türkmenistanda döwlet dolandyrylyşyny we parlament işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin berýän goldawyny görkezýär.

3 (1).JPG

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2Impact (Q2) hökmünde işi alyp barýan The QED Group, LLC kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026