Pak Jin we Türkmenistanyň wise premýeri Koreýa kompaniýalarynyň senagat taslamalaryna gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar


Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin we Türkmenistanyň gurluşyk we senagat boýunça wise premýeriniň orunbasary Baýmyrat Annamammedow Koreýa kompaniýalarynyň işleri we energetika we infrastruktura pudaklarynda geljegi uly taslamalara gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Pak Jin sişenbe güni, 31-nji oktýabrda Daewoo Engineering & Construction kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň açylyş ýerinde Türkmenistan hökümetiniň başlygynyň orunbasary Annamammedow bilen duşuşdy we onuň bilen Koreýa kompaniýalarynyň dökün öndürýän zawodlaryň, tebigy gazy suwuklandyrýan we kükürt arassalaýan desgalaryň gurluşygy ýaly taslamalara gatnaşmagy hakynda söhbetdeş boldy.
Annamammedow, Koreýa kompaniýalarynyň işine we Gyýanly gaz himiýa zawodynyň Galkynyş ýatagynda kükürdi arassalaýan toplumynyň döredilmegine goşan goşandyna ýokary baha berip, energetika we infrastruktura ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge umyt bildirdi.
Jin Pak, Türkmenistana gelýän koreý kompaniýalaryna goldaw bermäge, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny nygtady.
ORIENT news








