HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Noýabr 01, 2023 | 09:58 |3651
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, şunda internet ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, şunda internet ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentigi habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde wise-premýerleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň durmuş, ykdysady we ulag toplumlaryndaky hasabatlary, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we çagyrmak boýunça wezipeler barada maglumatlar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, bu ugurda bar bolan şertlerden netijeli peýdalanmak ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Habar berlişi ýaly, çörek, et önümleriniň, towuk etiniň, ýumurtganyň, süýt we süýt önümleriniň, pagta ýagynyň, süýji-köke, gök-bakja önümleriniň, miwe suwlarynyň, alkogolsyz içgileriň öndürilýän möçberi artdyrylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, şunda internet ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026