HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mejlisiň Başlygy we azerbaýjan ilçisi hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Oktýabr 30, 2023 | 19:45 |9676
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Azerbaýjan Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Gismat Gozalow bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Azerbaýjan Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Gismat Gozalow bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.
Çeşme: news.day.az

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Azerbaýjan Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Gismat Gozalow bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygyny, muňa ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, soňky ýyllarda işjeň ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň oňyn täsirini ýetirendigini belledi.

Dünýägözel Gulmanowa ýurtlaryň arasynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary, hususan-da parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.

Ilçi Gismat Gozalow Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesi dürli ugurlarda gatnaşyklar üçin täze gözýetimleri açýar diýip. news.day.az neşiri habar berýär.

Parlamentara gatnaşyklary barada aýdylanda, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowanyň Türkmenistana sapar bilen gelendigi, onuň çäklerinde iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylandygy bellendi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine, şol sanda parlamentara gatnaşyklary boýunça işçi toparlarynyň derejesinde hem ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026
Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

Kolumbiýada ýertitremesi sebäpli aradan çykanlaryň sany 265-e ýetdi

14:00 Awgust 13, 2026
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026